YUNMAI (YMGB-Z702) RED BLUE bilek trenajýory
Häsiýetnamalar
- Ýagdaýy
- Täze
Düşündiriş
Her bir ofis işgärinde hökman bolmaly täze nesil stres garşy enjamy. Trenajýora elektrik gerek däl; bilegiňizi aýlaň we şaryň aýlanma güýjüniň garşylygyny duýuň. Aýlanma tizligine görä dürli reňkli yşyklandyrmanyň ýagtylygy üýtgerer. Trenajýor ýadawlykdan döreýän bilekdäki sarymly agyryny azaldýar, şeýle hem bilek kanal sindromynyň öňüni alýar. Iň gowy netijä ýetmek üçin el myşsalaryny her gün maşk etdirmek maslahat berilýär. Dynç alyş wagtynda birnäçe minut sarp edip, ýakymlylygy peýdalylyk bilen utgaşdyryň. Gurluşyndaky mehanizm ýeňil hereket bilen öz-özünden başlangyç ýagdaýyna dolanýar. Trenajýory dowamly ulanmak tutuş eliň myşsalaryny netijeli maşk etdirýär, eginden bilege çenli bolan ýerde döreýän sarymly agyryny we artykmaç ýadawlygy ýumşatmaga kömek edýär, şeýle hem fitnes söýüjileri üçin gowy güýç maşky bolup biler. Aýratynlyklary Görnüşi: bilek üçin Bilek trenajýorynyň görnüşi: giroskopik Reňki: gyzyl Uznalygy: 7 sm Giňişligi: 5.5 sm Agramy: 270 g Gurluşyndaky yşyklandyrma: yşygyň ýagtylygy aýlanma tizligine görä üýtgeýär
Nirede ýerleşýär
Aşgabat
Dükanyň kartadaky takyk ýeri